Wotel: “Edilenler Türkiýäniň beren kömegi bilen edildi”

ABŞ-nyň Merkezi güýçleriniň (CENTCOM) serkerdesi Ýozef Wotel Siriýada ýakynda edilen işleriň Türkiýäniň beren kömegi bilen edilendigini mälim etdi

621325
Wotel: “Edilenler Türkiýäniň beren kömegi bilen edildi”

Wotel merkezi Waşington şäherinde ýerleşýän konserwator düşünjeli gurama bolan Daşary syýasat insiatiwasynyň maslahatynda öz serkerdeliginiň iş alyp barýan ýurtlar bilen bagly beýanat berdi.

Çykyşynda Türkiýe barada öwgüli sözler aýdan Wotel Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ-e garşy döredilen hyzmatdaş güýçleriň düzümindäki örän wajyp bir hyzmatdaşlaryň biridigini habar berdi.

Wotel: “Türkiýeden gündelik alan kömegimiz bolmasa Siriýada häzirki wagta çenli edenlerimiziň aglabasyny edip bilmezdik. Sebitdäki beýleki ýurtlar ýaly Türkiýäniň hem aladalary bar. Meniň pikirimçe bular ABŞ üçin örän möhümdir, ony bilmegimiz gerek” diýdi.

Türkiýäniň terror guramasy DAIŞ we PKK bilen göreş alyp barýandygyna ünsleri çeken Wotel: “DAIŞ babatynda örän alada bildirýärler, emma bilişimiz ýaly PKK ýaly toparlar hakynda hem aladalary bar” diýdi.


Etiketkalar: #Ýozef Wotel , #CENTCOM , #DAIŞ , #PKK

Degişli Habarlar