Amerikada guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy
Ýaralanan 4 adamyň 1-iniň ýagdaýy agyr
621170

Amerikanyň Merilend ştatynyň Baltimore şäherinde bolan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy, 4 adam ýaralandy.
Hüjümçi dükanlaryň biriniň öňünde adamlara ot açdy.
Hadysada 1 adam wakanyň bolan ýerinde ýogaldy, 1 adam bolsa alynyp gidilen hassahanada ýogaldy.
Ýaralanan 4 adamyň 1-iniň ýagdaýynyň agyrdygy habar berildi.
Wakanyň bolan ýerinden gaçan hüjümçiniň tussag edilmegi üçin gözleg işi başladyldy.