Wenada terrora garşy miting geçirildi

Mitingde 30 metrlik türk baýdagy göterildi

618813
Wenada terrora garşy miting geçirildi

Awstriýanyň paýtagty Wenada Ýewropa ýurtlarynyň terror guramalaryna däl eýsem Türkiýä goldaw bermekleri üçin “Ýok bolsun terror, ýaşasyn demokratiýa” mitingi geçirildi.

Awstriýada iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalary tarapyndan paýtagt Wenadaky Mejlisiň binasynyň öňünde geçirlen mitinge sowuk howa garamazdan köp sanly adam gatnaşdy.

Mitingde 30 metrlik türk baýdagy göterildi.

Mitinge gatnaşyjylar “Ýok bolsun terror”, “ Şehitler ölmez watan bölünmez”, “Ýewropa terrora goldaw berme”, “PKK=DAIŞ=terror, Awstraliýa PKK goldaw bermesin”,” Türkiýe biz seniň ýanyňda” diýlen şygarlar aýdyldy.

Mitingde Ýewropa ýurtlarynyň terror guramalaryna däl eýsem Türkiýä goldaw bermegi üçin çagyryş berildi.

 


Etiketkalar: #Awstriýa , #miting , #Wena , #Ýewropa

Degişli Habarlar