Talyplar hem Trampa garşy ýörişe geçdi

ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Donald Trampa garşy guralýan ýörişler dowam edýär

611966
Talyplar hem Trampa garşy ýörişe geçdi

Paýtagt Waşingtonda jemlenşen talyplar Donald Trampa garşy ýöriş gurady.

Donald Trampa degişli 7 ýyldyzly myhmanhananyň öňünden Ýokary kaziýete çenli ýörän talyplar saýlawyň netijelerine garşylyk görkezdi.

Talyplar Donald Trampyň rassit we ekstremist çykyşlary sebäpli prezident bolup bilmejekdigini öňe sürdi.

Ýurduň çar tarapynda guralýan ýörişlerde wagtal-wagtal howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirilýär.

 



Degişli Habarlar