Fransiýada adatdan daşary ýagdaýyň möhledi uzaldylar

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland ýurduna garşy terror howpynyň abanmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň uzaldyljakdygyny mälim etdi

611591
Fransiýada adatdan daşary ýagdaýyň möhledi uzaldylar

Marokkonyň Marakeş şäherinde dowam edýän BMG Klimat çalşygy taraplar konferensiýasyna (COP22) gatnaşan Olland ol ýerde France 24 we TV5 kanallarynyň ýurduň içerki we daşarky syýasatlar bilen baglanşykly soraglaryna jogap berdi.

Olland adatdan daşary ýagdaýyň aprel we maý aýlarynda geçiriljek 2 tapgyrly Prezident saýlawlaryna çenli uzaldylyp bilinjekdigini belledi.

Olland: “Terror howpyna garşy adatdan daşary çäreler görmegimiz möhüm. Mundan başgada öňümizdäki hepdelerde saýlaw kampaniýalary başlar. Maslahatlar we mitingler geçiriler. Hökümet adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň uzaldylmagy bilen baglanşykly teklibi parlamende hödürlär” diýdi.

Fransiýanyň paýtagty Parižde we Sant-Demisde 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda guralan terrorçylykly hüjümlerden soň ýurtda ilkinji gezek adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.



Degişli Habarlar