Russiýanyň Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew para alandygy sebäpli saklandy

Russiýanyň Derňew komitetinden berilen beýanata görä Ulýukaýew döwlet nebit kompaniýasy Rosneftiň, Başneft firmasynyň paýlaryny satyn almagy üçin ministrligiň oňyn garaýyş beýan etmeginiň öwezinde Rosneftden 2 million dollar para alandygy şübhesi bilen sa

610969
Russiýanyň Ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew para alandygy sebäpli saklandy

Beýanatda Rosneftiň ýolbaşçylarynyň para bermekleri üçin basyş edilendigi nygtalýar.

Komitetiň mälim etmegine görä Ulýukaýew parany alýan pursadynda saklandy.

Prezident Wladimir Putine Ulýukaýewiň saklanmagy barada maglumat berildi.

Hökümetden berilen beýanatda Premýer ministr Dmitri Medwedewiň Ulýukaýewiň saklanmagy boýunça Putin bilen duşuşandygy nygtalýar.

Beýanatda “Premýer ministr bu meseläniň giňişleýin derňelmegini isleýär” diýilýär.

Kremliň metbugat sekretary Dmitri Peskow bolsa Başneftiň satyn alynmagy boýunça işleriň ýaňadandan seljerilip-seljerilmejekdigi barada garaýyş beýan etmekden gaça durdy.



Degişli Habarlar