BMG-nyň Howa çalşygy boýunça maslahaty öz işini dowam etdirýär
Daşky gurşawy goraýjylar Marakeşde protýest ýörişini geçirýär
BMG-nyň Howa çalşygy boýunça maslahaty Marokkonyň Marakeş şäherinde geçirilýär.
Maslahata gatnaşyjylar resmi taýdan güýje giren Pariž howa çalşygy şertnamasynyň ýerine ýetirliş esaslaryny kesgitlemäge çalyşýar.
Beýleki tarapdan ýüzlerçe ýurtdan gelen daşky gurşawy goraýjylar Marakeşde protýest ýörişini geçirýär.
Ýörişde howa çalşygyna garşy gyssagly herekete geçmekleri üçin ýolbaşçylara çagyryş berildi.
195 ýurduň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilýän global ýylylyk, howanyň hapalanmagy we howa çalşygy meselelerine garalýan maslahat anna gününe çenli öz işini dowam etdirer.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.