Russiýa Ysraýyla terrora garşy birlikde göreş çagyryşyny berdi

Medwedew  Ysraýylyň Russiýanyň sebitdäki esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady

608487
Russiýa Ysraýyla terrora garşy birlikde göreş çagyryşyny berdi

 

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew Ysraýyla terrora garşy halkara derejesinde birlikde göreşmegi teklip etdi.

Medwedew Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde İerusalymda Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu bilen duşuşdy.

Duşuşykda esasan hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medwedew  Ysraýylyň Russiýanyň sebitdäki esasy hyzmatdaşlaryndan biridigini nygtady.

Terrora garşy göreşiň ähmiýetine ünsi çeken Medwedew DAİŞ-iň başda durmagynda ähli terror guramalarynyň ýok edilmelidigini ýatlatdy.

Ysraýylyň Premýer ministri Netanýahu hem Ysraýylyň Ýakyn Gündogarda iki sany esasy jogapkärçiliginiň bardygyny nygtap, “Bulardan birinjisi Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak, ikinjisi hem Eýranyň Siriýada harby taýdan güýçlenmeginiň öňüni almak” diýdi.

Medwedew-Netanýahu duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýan 4 şertnama gol çekişildi.

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew saparynyň çäginde Palestinanyň Prezidenti Mahmut Abbas bilen hem duşuşar.

 



Degişli Habarlar