Talibanlylar harby bölüme hüjüm guradylar

Talibanly başbozarlar guran hüjümlerinde 55 owgan esgerini öldürendiklerini öňe sürýärler

601521
Talibanlylar harby bölüme hüjüm guradylar

Owganystanyň Kandagar welaýatynyň Gurak etrabynda Talibanly başbozarlaryň harby bölüme guran hüjüminde 8 esger ýogaldy.

Kandagar welaýat häkimliginiň metbugat geňeşçisi Samim Khpelwak hüjümde 13 esgeriň ýaralanandygyny habar berdi.

Khpelwak hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda köp sanda başbozaryň öldürilendigini mälim etdi.

Şaýatlar hüjümde harby bölümdäki 32 esgeriň ýogalandygyny aýdýan bolsalar, Taliban tarapyndan berilen beýanatda hüjümde 55 esgeriň ýogalandygy bellenýär.



Degişli Habarlar