"Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 93 ýyllygy mynasibetli türk halkyny mähirli gutlaýaryn”
Jon Kerri 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda ýogalanlaryň hossarlaryna ýene-de bir gezek gynanç bildirdi
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri türk halkyny 29-njy oktýabr garaşsyzlyk, respublika baýramy bilen gutlady.
Kerri mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, “ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň we amerikan halkynyň adyndan Türkiýe Respublikasynyň döredilen gününiň 93 ýyllygy mynasibetli türk halkyny mähirli gutlaýaryn” diýdi.
ABŞ-nyň esasy hyzmatdaşlaryndan biri bolan Türkiýäniň demokratiýa arkaly saýlanan hökümetine we türk halkyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýdan Jon Kerri 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda ýogalanlaryň hossarlaryna ýene-de bir gezek gynanç bildirýändigini belledi.
Kerri Türkiýe bilen ABŞ-nyň Siriýa urşy, global bosgun meselesi we terror howpy ýaly birnäçe ugur boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam etjekdigini ýatlatdy.