Siriýada mekdebe guralan bombaly hüjümde 22 çaga ýogaldy

Idlib şäherinde mekdebe guralan hüjümde 22 çaga bilen 6 mugallym ýogaldy

598395
Siriýada mekdebe guralan bombaly hüjümde 22 çaga ýogaldy

Siriýanyň Idlib şäherinde mekdebe guralan bombaly hüjümde 22 çaga ýogaldy.

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF Idlib şäherinde mekdebe guralan hüjümde 22 çaga bilen 6 mugallymyň ýogalandygyny mälim etdi.

Hüjümiň Asada tabynlykdaky güýçler ýada rus harby uçarlary tarapyndan guralandygy öňe sürülýär.

Russiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Witaly Çurkin Siriýada mekdebe bombaly hüjüm guramandyklaryny nygtady.

Çurkin “Diýseň elhenç habar. Biziň bilen hiç hili arabaglanşygy ýok diýmek isleýärin. Emma anyk maglumaty Goranmak ministrligi berer” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar