Ruslaryň Idlibdäki hüjümlerinde ýene-de 18 adam ýogaldy

Howa hüjümlerinde şeýle hem azyndan 21 adam ýaralandy

597655
Ruslaryň Idlibdäki hüjümlerinde ýene-de 18 adam ýogaldy

Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlibiň Maret An-Numan etrabyndaky mekdebe we bazara guralan 12 aýry howa hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 18 adam ýogaldy, 21 adam ýaralandy.

Russiýanyň harby uçarlary Idlibiň günortasyndaky Has etrapçasyny hem bombalady.

Uly zyýan ýeten etrapda adamlar ýumrulan öýleriň aşagynda galan adamlary halas etmäge synanyşýar.



Degişli Habarlar