Pakistanda polisiýa mekdebine hüjüm guraldy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 60 adam ýogaldy

596339
Pakistanda polisiýa mekdebine hüjüm guraldy

Pakistanyň günorta-günbataryndaky Belujistan welaýatynyň Kuetta şäheriniň golaýyndaky polisiýa mekdebine ýaragly 3 adamyň guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä polisiýa işgärligine dalaşgär 60 adam ýogaldy, aglabasynyň ýagdaýy agyr bolan 117 adam ýaralandy.

Resmiler hüjümçileriň egninde bombanyň bolandygyny we käbir okuwçylary zamun alandyklaryny belläpdi.

Içeri işler ministrligi geçirilen operasiýada terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdiler.

Hüjüm guralan wagty polisiýa merkezinde 700 adam bardy. 

Kuetta şäheriniň ýaşaýjylaryna öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ we Taliban öz üstülerine aldy.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi waka gynanç bildirdi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: “ABŞ Kuettadaky polisiýa tälim mekdebine garşy guralan hüjümi ýazgarýar” diýilýär.



Degişli Habarlar