Peşmerge güýçleriniň Başikany DAIŞ-den basyp alandygy öňe sürülýär

Mosulyň terror guramasy DAIŞ-den basylyp alynmagy operasiýasynyň 7-nji gününde Peşmerge güýçleriniň Başika şäherçesini basyp alandygy öňe sürülýär

595347
Peşmerge güýçleriniň Başikany DAIŞ-den basyp alandygy öňe sürülýär

Peşmerge güýçleri şu gün irden Başika we Naweran frontlarynda DAIŞ-e garşy herekede geçipdi.

Halkara habarlar gullugy Reuters Peşmerge güýçleriniň Başikany öz gözegçiligi astynda alandygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Goranmak ministri Eşton Karter Yraga guran saparynda Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesud Barzani bilen duşuşdy.

Duşuşykda Barzaniniň Kartere Başikanyň basylyp alynandygyny habar berdi.

Mosul operasiýasynyň üstünde durulyp geçilen duşuşykda mundan başgada sebitdäki asuda ilatyň ýagdaýy hem maslahatlaşyldy.

Peşmerge güýçleri Faziliýe, Turbize, Ömer Kamçy obalary başda bolmak bilen 41 ýaşaýyş ýerini basyp aldy.

Mosula guralan howa hüjümlerinde bolsa DAIŞ-iň lideri Bagdadiniň kömekçilerinden Abu Usameniň öldürilendigi habar berildi.

Yragyň goşuny düýn Mosulyň Hemdaniýe etrabynyň we Bartylla şäherçesiniň gözegçiligini ele geçiripdi.



Degişli Habarlar