Kerkük şäheri terror guramasyndan 90 göterim saplandy

Yragyň Kerkük şäherinde DAIŞ-e agza 48 terrorçy öldürildi

595002
Kerkük şäheri terror guramasyndan 90 göterim saplandy

Yragyň Kerkük şäherinde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylara garşy geçirilen operasiýada 48 terrorçy öldürildi.

Şäheriň soňky ýagdaýy barada metbugata beýanat beren Kerkük şäheriniň Polisiýa gullugynyň müdüri Hattab Ömer: “Kerkük şäheri terror guramasyndan 90 göterim saplandy. Ýüze çykan çaknyşyklarda DAIŞ-e agza 48 terrorçy öldürildi” diýdi.

Käbir etrapçalarda köçeleriň arasyndaky howplar sebäpli köçä çykmak gadagançylygynyň dowam etjekdigini bellän Ömer: “Kerkük şäheriniň günortasy dargynly bolmagynda galýar. Terrorçylaryň günortadaky etrapçalara gaçmaklary sebäpli wagtal-wagtal çaknyşyklar bolup durýar” diýdi.



Degişli Habarlar