Saud Arabystanyny şaýy söweşijileriň Mosulda gan dökmegine alada bildirýär

Al Jubeýr terror guramasy DAIŞ-iň Mosuldaky söweşde ýeňiljekdigini belledi

591335
Saud Arabystanyny şaýy söweşijileriň Mosulda gan dökmegine alada bildirýär

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr şaýy söweşijileriň Mosulda gan dökmegine alada bildirýändiklerini aýtdy.

Al Jubeýr terror guramasy DAIŞ-iň Mosuldaky söweşde ýeňiljekdigini belledi.

Yragyň Mosul şäheriniň DAIŞ-den yzyna alynmagy üçin düýn gije operasiýa başladyldy.

Operasiýa Yragyň ýaragly güýçleri bilen birlikde peşmerge güýçleri we esasy bölegi Başikada türk esgerleri tarapyndan tälim berlen Ninowa goragçylary gatnaşýar.

Hyzmatdaş güýçleri hem operasiýa howadan goldaw berýär.

 



Degişli Habarlar