Abadiniň Başika ýalany

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2014-nji ýylda DAİŞ-e garşy göreş üçin Mosulyň golaýyndaky Başika düşelgesinde harby tälim bermegi üçin teklip hödürläpdi

588793
Abadiniň Başika ýalany

Yragyň Premýer ministri Haýdar Al Abadi 2014-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Ankara guran saparynyň çäginde ozalky Premýer ministr Ahmet Dawutoglyna türk esgeriniň terror guramasy DAİŞ-e garşy göreş üçin Mosulyň golaýyndaky Başika düşelgesinde harby tälim bermegi üçin teklip hödürläpdi.

Yragyň Premýer ministriniň bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýdan sözleri inha şeýle: “Terror guramasy DAİŞ diňe Yrak we Türkiýe üçin däl eýsem sebit ýurtlary taýdan hem howply. Şol sebäpli hem terrora garşy göreşde hyzmatdaşlyk etmelidiris. Jenap Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen terrora garşy göreşde harby tälim, ýarag we maglumat çalşygy meselesinde hyzmatdaşlyk edilmegi hakynda pikir alyşdyk we Ahmet Dawutogly bu meselede goldaw berjekdigini aýtdy. Türkiýedäki doganlarymyz bize goldaw bermäge taýardyklaryny nygtady. Birlikde goňşy ýurtlaryň hem goldaw bermeginde şol terror guramasyny ýok edip bileris”

 

 



Degişli Habarlar