Polşada abort gadagan edildi

Polşanyň parlamendi abordyň ýagny çaga aýrytmaklygyň dolulygyna gadagan edilmegini öz içine alýan kanun taslamasyny kabul etdi

575936
Polşada abort gadagan edildi

Polşanyň resmi habarlar gullugy PAP-yň berýän habaryna görä parlamentde geçirilen ses berilşikde 173 deputata garşy 230 deputat abordyň gadagan edilmegine goldaw berdi, 15 deputat bolsa ses bermekden saklandy.

Kanuna görä syrkawlyk ýa-da zorlama ýaly ýagdaýlarda hem abort edilmegine rugsat berilmez.

Beýleki tarapdan bolsa paýtagt Warşawada müňlerçe adam kanuny protest etmegine garaşylýar.



Degişli Habarlar