50-ä golaý ýurt 360 müň bosguny kabul etmek barada söz berdi

Barak Obamanyň ýolbaşçylyk etmeginde bosgunlar maslahaty geçirildi

574135
50-ä golaý ýurt 360 müň bosguny kabul etmek barada söz berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen bosgunlar maslahatynda 50-ä golaý ýurt 360 müň bosguny kabul etmek barada söz berdi.

Maslahata gatnaşan ýurtlar bosgunlara berilýän ykdysady kömegiň artdyrylmagy hakynda hem söz berdi.

BMG-nyň 71-nji sessiýasynyň çäginde geçirlen maslahata Prezident R. T. Erdogan hem gatnaşdy.

Prezident Erdogan maslahatda sözlän sözünde Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bosgunlar meselesinde 18-nji martda gazanylan ylalaşyga garamazdan ÝB-niň beren sözünde durmandygyny aýratyn belledi.

Prezident Erdogan “Siriýa krizisinde başyndan bäri Türkiýäni ýalňyz goýduňyz. Biz bu meseläniň hötdesinden geleris. Emma ÝB-niň başda durmagynda halkara jemgyýetçiligi adamzat krizisiniň jogabyny berip bilmez” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem bosgun ýagdaýyna gelen 65 million adamyň esasy böleginiň 10 ýurtda ýaşaýandygyny we şol ýurtlaryň başynda Türkiýäniň gelýändigini nygtady.

Ýurtlara serhetlerini bosgunlara açmak hakynda çagyryş beren Obama, bosgunlary kabul eden ýurtlara kömek berjekdiklerini belledi.

Barak Obama esasan hem musulman bosgunlaryň kabul edilmezliginiň terrorçylaryň tezislerini güýçlendirjekdigini ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama amerikaly 50 firmanyň bosgunlara iş mümkinçiligi we bilim ýaly beýleki ugurlarda goldaw bermek üçin 650 million dollarlyk kömek berjekdigini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem “Hiçbir ýurt özbaşyna bu krizisiň hötdesinden gelip bilmez. Birlikde hereket edeliň” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar