ABŞ Türkiýäniň DAIŞ-e garşy guraýan operasiýasyna goldaw berýär

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Türkiýäniň DAIŞ-e garşy guraýan Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda durup geçdi

571874
ABŞ Türkiýäniň DAIŞ-e garşy guraýan operasiýasyna goldaw berýär

ABŞ Türkiýäniň Siriýa serhedinde terror guramasy DAIŞ-e garşy guraýan operasiýasyna goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Earnest gündelik metbugat ýygnagynda Türkiýäniň DAIŞ-e garşy guraýan Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda durup geçdi.

Türkiýäniň, Siriýa serhedini DAIŞ-den saplamak üçin guraýan operasiýasyna goldaw berýändiklerini aýdan Earnest “ABŞ Türkiýä goldaw bermäge dowam edýär” diýdi.

Türkiýedäki DAIŞ howpynyň gysga wagtda ortadan aýrylmagy üçin serhediň terrorçylardan saplanmagynyň ähmiýetine ünsi çeken Earnest “Türkiýedäki terror howpynyň ortadan aýrylmagyny umyt edýäris” diýip belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby hem metbugata beren beýanatynda DAIŞ garşy guralýan Ýefrat Galkany operasiýasyna hyzmatdaş güýçleriniň goldaw berýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar