Pan Gi Mun G20 Liderler maslahatynda metbugat ýygnagyny geçirdi

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun ýoksullygyň ähli görnüşiniň 2030-njy ýyla çenli ortadan aýrylamalydygyny nygtady

565016
Pan Gi Mun G20 Liderler maslahatynda metbugat ýygnagyny geçirdi

Pan Gi Mun Htaýyň Hanžu şäherinde geçirilýän G20 Liderler maslahatynda metbugat ýygnagyny geçirdi.

Iki aý soň wezipesiniň tamamlanjakdygyny we BMG-nyň Baş sekretary hökmünde soňky gezek G20 maslahatyna gatnaşýandygyny ýatladan Mun sözlerini maslahatyň geçirilýän ýurduna ýagny Hytaýa sag bolsun aýtdy.

G20 maslahatynyň ähli taraplara dowamly galkynyşyň, parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegidigini bellän Pan Gi Mun sosial0ykdysady meseleler bilen birlikde klimat çalşygy meselesiniň gün tertibe getiriljekdigini habar berdi.

Mun ABŞ-nyň we Hytaýyň klimat çalşygy bilen baglanşykly Pariž ylalaşygyna agza bolmaklaryna hoşallyk bildirdi.

Pan Gi Mun ýoksullyk, deňsizlik we çaknyşyklaryň sebäp bolan meselelere gyssagly çözgüt tapylmagy üçin G20-ä agza ýurtlaryň bilelikde iş alyp barmaklarynyň möhümdigini belledi.



Degişli Habarlar