“Şweýsariýada yslam resmi din bolup bilermi?”

Lewrat yslam dininiň resmi din hökmünde ykrar edilmegini teklip etdi

558114
“Şweýsariýada yslam resmi din bolup bilermi?”

Şweýsariýada Sosýal demokrat partiýasynyň lideri Krsitian Lewrat yslam dininiň resmi din hökmünde ykrar edilmegini teklip etdi.

“Sonntags Saýtung” gazetine beýanat beren Lewrat, yslam dininiň resmi din hökmünde kabul edilmegi we konstitutsiýada ýer almagy meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny aýtdy.

“Yslam resmi din hökmünde kabul edilen halatynda din adamlaryna beriljek bilimiň çykdajylary daşary ýurtlylar ýada aşa töwerekler tarapyndan däl eýsem Şweýsariýanyň hökümeti tarapyndan gidirilmeli”diýen Lewrat “Şweýsariýa mahsus yslam dini bolup bilermi? Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmalydyrys” diýdi.

Teklibe 20 Minuten gazeti hem giňişleýin ýer berdi.

Gazet “Şweýsariýada yslam resmi din bolup bilermi?”diýlen sowalnama geçirýär.

 



Degişli Habarlar