ABŞ-daky ýangynlaryň bir bölegi gözegçilik astyna alyndy

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda 1 hepdeden gowrak wagt bäri dowam eden ýangynlaryň bir bölegi gözegçilik astyna alyndy

556058
ABŞ-daky ýangynlaryň bir bölegi gözegçilik astyna alyndy

Kaliforniýa ştatynyň günortasyndaky tokaý ýangynlary geçen hepdeden bäri dowam edýär.

Ýangynyň 2/3 bölegi gözegçilik astyna alyndy, on müňlerçe adama öýlerine gaýdyp barmaklaryna rugsat berildi.

Emma käbir ýerlerde dowam edýän ýangynlar öňüne çem gelen ähli zady küle öwürýär. Häzirki wagta çenli 100-e golaý öý ýandy.

Ýangynyň dowam edýän ýerlerinde ýaşan 7 müň adama entek öýlerine gaýdyp barmaklaryna rugsat berilmedi.

Kaliforniýadaky gurakçylyk tokaý ýangynlaryň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýar.



Degişli Habarlar