Olland: “Biz Ukraina meselesiniň çözülmegi üçin maslahat geçirmäge taýar”

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland ýurdunyň Ukraina meselesiniň çözülmegi we Minsk Ylalaşygyny güýje girizmek maksady bilen Normandiýa formatynyň çäginde maslahat geçirmäge taýardygyny beýan etdi

553793
Olland: “Biz Ukraina meselesiniň çözülmegi üçin maslahat geçirmäge taýar”

Eliza köşkünden berilen beýanatda Ollandyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi habar berilýär.

Beýanatda Poroşenkonyň islegine laýyklykda geçirilen söhbetdeşlikde Ollandyň Krymyň bikanun görnüşde Russiýa tarapyndan anneksiýasy meselesinde Fransiýanyň pozisiýasynyň üýtgemändigini nygtandygy bellenilýär.

Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlygyň parahatçylykly ýollardan çözülmegi üçin Normandiýa formatynyň çäginde gepleşikler geçirilmelidigine ünsi çekilen beýanatda, howpsyzlygyň üpjün edilmegi, hüjümleriň yzgiderli bes edilmegi we halkara ülňilerine laýyklykda Ukraina kanunlaryna görä saýlawlaryň geçirilmegi ýaly şertlerin sebitde iş ýüzüne geçirilmeli maddalar hökmünde nygtalýar.

Beýanatda ähli taraplaryň Minsk Ylalaşygynyň doly güýje girmegi we taraplaryň berjaý edilmegi barada durlup geçilendigi, Ollandyň şol maksada ýetilmegiň öňündäki ähli bökdençliklerden çetde durulmalydygy barada nygtap, Fransiýanyň Normandiýa formatyna laýyklykda maslahat geçirilmegine taýardygyny aýdandygy mälim edilýär.



Degişli Habarlar