Gorbaçow: “Erdogan-Putin duşuşygy dünýä syýasaty üçin möhüm”

Mihail Gorbaçow Erdogan-Putin duşuşy barada garaýyşlaryny beýan etdi

548315
Gorbaçow: “Erdogan-Putin duşuşygy dünýä syýasaty üçin möhüm”

Sowet Soýuzynyň ozalky Prezidenti Mihail Gorbaçow Prezident R.T.Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygynyň iki ýurt üçin bolşy ýaly dünýä syýasaty taýdan-da möhümdigini aýtdy

Gorbaçow iki lideriň dialog we hyzmatdaşlyk taýdan möhüm aşlangyç etmek bilen dogry hereket edendiklerini nygtady.

Mihail Gorbaçow: “Russiýanyň Prezidenti Putiniň we Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň duşuşyk geçirmek baradaky kararlarynyň diýseň ýerliklidigini pikir edýärin. Şeýle-de bu duşuşyk hem Türkiýe, hem biz hem-de dünýä syýasaty taýdan iňňän bähbitli bolar diýip tama edýärin” diýdi.



Degişli Habarlar