Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 85 gutulyk delilnama ugradyldy

Waşington Post gazeti Adalat ministrliginden ýörite toparyň Ankaranyň talabyna jogap bermek üçin şol delilnamalary barlaýandygyny ýazdy

545418
Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 85 gutulyk delilnama ugradyldy

Türkiýe Fetullahçy terror guramasy-Parelel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi üçin ABŞ-na 85 gutulyk delilnama ugratdy.

ABŞ-nyň Waşington Post gazeti Adalat ministrliginden ýörite toparyň Ankaranyň talabyna jogap bermek üçin şol delilnamalary barlaýandygyny ýazdy.

Gazetiň habaryna görä delilnamalar FETÖ-nyň Türkiýede adalat organlaryna, howpsyzlyk we ýaragly güýçleriniň hataryna nähili ýagdaýda girendigini görkezýär we agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäriniň Fetullah Gülendine ünsi çekýär.

Gazet mundan başgada FETÖ-nyň Amerikan kongresindäki lobi tagallalary hakyndaky habarlara hem ýer berdi.

Gazetiň habaryna görä, 2007-nji ýyldan bäri Kongresiň adyndan Türkiýä giden toparlardan 289-na ýagny ýarysyna gurama bilen arabaglanşykly guramalar hemaýatkärlik edipdir.

Habarda Fetullah Gülene tabynlykdaky onlarça guramanyň syýasy kampaniýalaryna on müňlerçe dollar bagyşlandygyna hem üns çekilýär.

Waşington Post gazeti şol sanawda Demokrat partiýanyň Prezidentlige dalaşgäri senator Hillary Klintonyň hem bardygyny ýatladýar.

Gazet Gülen bilen arabaglanşykly guramalar hakynda gozgalan kazyýet işlerinden hiç hili netijäniň alynmandygyna ünsi çekýär.

 

 



Degişli Habarlar