Kreşman Türkiýäniň FETÖ degişli guramalaryň derňelmegi baradaky talabyna oňaýsyz jogap berdi
Kreşman agdarlyşyk synanşygynda terrorçylaryň ýolbaşçysy Güleniň täsiriniň bardygy hakynda hiç hili subutnama görmändigini aýtdy
Germaniýanyň Baden Württemberg ştatynyň Premýer ministri Winfried Kreşman Türkiýäniň Fetullahçy terror guramasyna degişli guramalaryň derňelmegi baradaky talabyna oňaýsyz jogap berdi.
Frankfurter Allgemiene Saýtung gazetine beýanat beren ştatyň Premýer ministri Kreşman Türkiýäniň Ştutgartdaky Baş konsullygy arkaly ştatdaky Gülen jemagatyna degişli guramalaryň derňelmegi üçin eden ýüz tutmasyna geň galandygyny aýtdy.
“Bu ýerde bizden hiç hili subutnama bolmazdan adamlary yzarlamagymyz islenýär” diýen Kreşman, Türkiýäniň talabyna oňyn jogap berip bilmejekdiklerini nygtady.
Kreşman agdarlyşyk synanşygynda terrorçylaryň ýolbaşçysy Güleniň täsiriniň bardygy hakynda hiç hili subutnama görmändigini aýtdy.
Degişli Habarlar
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Ýangynda 6 adamyň ýogalandygy, 20 adamyň halas edilendigi bellenildi.
Eýranda Guralan Hüjümde 2 Adam Öldürildi
Terror guramasyna degişli ulag, ýaragly uçarmansyz howa ulagy tarapyndan nyşana alyndy.