Dik uçar bilen Gresiýa gaçan 8 türk ofiserine garşy kazyýet işi gozgaldy

FETO terror guramasynyň harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşanyndan soň dik uçar bilen Gresiýa gaçan 8 türk ofiseri grek kazyýetiniň öňüne çykar

531038
Dik uçar bilen Gresiýa gaçan 8 türk ofiserine garşy kazyýet işi gozgaldy

Gresiýanyň Aleksnadrupolis şäherine gaçan 8 ofisere garşy bikanun ýollar bilen ýurda girmek we goňşy ýurtlar bilen bolan gatnaşyklara zyýan bermek ýalt aýyplamalar bilen kazyýet işi gozgaldy.

FETO terror guramasynyň harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşanyndan soň Sikorskiy kysymly dik uçar bilen Gresiýanyň Aleksnadrupolis şäheriniň howa menziline giden 8 ofiser harby derejeleri aýrylan ýagdaýda, Gresiýanyň hökümetine syýasy gaçalga berilmegi üçin ýüz tutdylar.

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen mesele bilen baglanşykly telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çipras telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň saýlanan hökümetine goldaw berjekdiklerini belläp, Gresiýa gaçan 8 ofiseriň yzyna tabşyrylmagy üçin gerek bolan işleri etjekdiklerini habar berdi.

Demokratiýalarda harby agdarlyşyklaryň bolmaly daldigini aýdan Çipras saýlanan hökümetiň we türk halkynyň islegine hormat goýjakdyklaryny mälim etdi.

Prezident Erdogan hem Çiprasa Türkiýä berýän goldawy sebäpli sag bolsun aýtdy.



Degişli Habarlar