Dünýä ýurtlary Türkiýä goldaw berýär

Dünýäniň çar tarapyndan goldaw ýüzlenmeleri gelýär

530355
Dünýä ýurtlary Türkiýä goldaw berýär

 

Harby agdarlyşyk etmäge synanşanlara garşy dünýäniň çar tarapyndan goldaw ýüzlenmeleri gelýär.

ÝB Türkiýede saýlanan hökümete, ýurduň guramalaryna we hukuk ulgamyna doly goldaw berýändiklerini mälim etdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Klod Ýunker we ÝB-niň Daşary işler we howpsyzlyk syýasatlaryndan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini ÝB-ne agza ýurtlaryň adyndan agdarlyşyk synanşygy hakynda ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda şeýle diýildi: “Türkiýe ÝB üçin esasy hyzmatdaş. ÝB demokratik ýagdaýda saýlanan hökümete, Türkiýäniň hukuk ulgamyna doly goldaw berýär”diýildi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem “Stambulda we Ankarada Fetullahçy terror guramasynyň hökümeti agdarmaga synanşandygy meselesinde halka sagdyn pikirlilik we asudalyk, Türkiýäniň demokratik guramalaryna sarpa goýulmagy çagyryşyny berýärin. Türkiýe NATO esasy hyzmatdaşlaryndan biridir” diýdi.

ABŞ hem Türkiýede demokratiýa arkaly saýlanan hökümete goldaw berilmegi çagyryşyny berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna ABŞ-nyň Türkiýä goldaw berýändigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar