Britaniýanyň Premýer ministri wezipesinden çekilýär

Dewid Kameronyň ýerine ýurduň Içeri işler ministri wezipesinde işlän Tereza Meý saýlandy

528727
Britaniýanyň Premýer ministri wezipesinden çekilýär

Britaniýada 23-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginde galyp-galmazlyk bilen baglanşykly referendum geçirileninden soň ýurduň Premýer ministri Dewid Kameron wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi.

Kameron 6 ýyllyk wezipesiniň soňky gününde Britaniýanyň wekiller palatasynda Premýer ministr wezipesinde çykyş etdi we ondan soň arzasyny ýurduň Şa zenanyna berdi.

Dewid Kameronyň ýerine ýurduň Içeri işler ministri wezipesinde işlän Tereza Meý saýlandy.

Tereza Meý Britaniýada Margeret Tetçerden soň ilkinji gezek bir zenan Premýer ministr wezipesine bellendi.



Degişli Habarlar