ABŞ-da başatgyçly aýala hüjüm guraldy

Amerikanyň Kaliforniýa ştatynyň Alameda şäherinde musulman bir zenana başatgyçly bolanlygy sebäpli birnäçe adam tarapyndan ýumurtga bilen hüjüm guraldy

528245
ABŞ-da başatgyçly aýala hüjüm guraldy

Haýward Şabo jemgyýetçilik mekdebinde okaýan Farad Afşar ýekşenbe güni söwda edýän mahallary ejesine we başatgyçly gyz jigisine birnaçe adam tarapyndan ýumurtga zyňylandygyny habar berdi.

Afşar: “Ejem dünýädäki iň sap ýürekli, näzik we akgöwünli adamdyr. Bu dünýädäki ýigrenjiň ululygyny düşündirip biljek söz tapamok” diýip belledi.

Ençeme adam sosial media arkaly Afşara goldaw berdi, Facebookdaky "Muslims of America" atly hasap bolsa wakany yslamafobiýanyň çäginde gün tertibe getirdi.

Mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny bellän Amerikan-Yslam gatnaşyklary geňeşiniň resmileri hem gerek bolan ähli zatlary etjekdiklerini bellediler.

Geçirilen derňewe görä geçen ýyl Fransiýanyň paýtagty Parižde, ondan soň bolsa Kaliforniýanyň San Bernardino we geçen aý Floridanyň Orlando şäherinde guralan terrorçylykly hüjümlerden soň yslamafobiýa örän artýandygy ýüze çykdy.



Degişli Habarlar