Ýewropa Bileleşigi serhetleri goramak üçun täze çäreler görýär

Ýewropa Parlamendi ÝB-iň serhetlerini goramak maksady bilen täze 1 müň 500 serhet goragçynyň alynmagy barada karara geldi

525037
Ýewropa Bileleşigi serhetleri goramak üçun täze çäreler görýär

Merkezi Warşawada ýerleşýän Fronteks bileleşiginiň düzümine kabul ediljek goşmaça güýç sentýabr aýynda wezipelerine başlar.

Serhet gözegçilik gullugyna goldaw berjek täze toparyň döredilmegi Ýewropa Parlamendinde 483 ses bilen kabul edildi.

Ýewropa Bileleşigi esasan hem Gresiýa we Italiýa ýaly ýurtlaryň serhetleriniň howpsyzlygynyň üpjün edilmeginde kynçylyk çekýär.

Ýewropa Bileleşigi ýurtlary öz serhetleriniň howpsyzlyklaryny üpjün etmegini dowam etdirerler.

Emma gerek bolan halatynda 1 müň 500 adamdan ybarat boljak täze topar goldaw berer.



Degişli Habarlar