Ýüz müňlerçe musulman Gadyr gijesinde Aksa metjisinde ybadat etdi

Palestinanyň basyp alyşlykdan halas edilmegi we yslam ýurtlaryndaky söweşleriň gutarmagy üçin eller açyldy

522583
Ýüz müňlerçe musulman Gadyr gijesinde Aksa metjisinde ybadat etdi

Ysraýylyň çäklendirmelerine we görkezen garşylygyna garamazdan ýüz müňlerçe musulman Gadyr gijesinde Aksa metjisinde ybadat etdi.

Palestinalylar bilen birlikde dürli ýurtlardan gelen musulmanlar Ysraýylyň Aksa metjidine ybadat etjekleriň ýaşlary hakyndaky çäklendirmesine garamazdan Gadyr gijesinde ybadat etmek üçin jemlenişdi.

Al Aksa gaznasy tarapyndan berlen beýanata görä 400 müňe golaý adam Aksa metjisinde Gadyr gijesinde doga etdi.

Namazdan soň edilen dogada Palestinanyň basyp alyşlykdan halas edilmegi we yslam ýurtlaryndaky söweşleriň gutarmagy üçin eller açyldy.

Ysraýylly esgerler oraz aýynyň dowamynda 45 ýaşyna ýetmedikleriň  Aksa metjidinde Juma namazyny okamaklaryny gadagan edipdi.

 


Etiketkalar: #doga etmek , #musulman

Degişli Habarlar