Halapda asuda ilatdan 25 adam ýogaldy

Oppozisionerler Asadyň galasy kenarýaka şäheri Latakiýada bir şäherçäniň gözegçiligini ele geçirdi

522652
Halapda asuda ilatdan 25 adam ýogaldy

 

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň guran howa hüjüminde asuda ilatdan 25 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler Halap şäherinde oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Taryk Al Bab etrapçasyna hüjüm gurady.

Bazar ýerini nyşana alan hüjümde asuda ilatdan 11 adam ýogaldy.

Şyh Said etrapçasynda guralan howa hüjüminde hem 5 adam ýogaldy.

ABŞ-nyň ýolbaşçylyk etmegindäki hyzmatdaş güýçleriniň guran howa hüjüminde bolsa 2-zenan bilen 7 çaga ýogaldy.

Beýleki tarapdan oppozisionerler Asadyň galasy kenarýaka şäheri Latakiýada bir şäherçäniň gözegçiligini ele geçirdi.

Strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Kansaba şäherçesi Russiýanyň Asada tabynlykdaky güýçlere berýän goldawyndan soň oppozisionerleriň ele geçiren esasy ýerlerinden biri boldy



Degişli Habarlar