Russiýadaky labaratoriýalaryň birinden gaçan robot öçürilip biliner

Russiýada labaratoriýadan gaçan öwrenmek endiklerine eýe robot täsirsiz ýagdaýa getirilip biliner

518134
Russiýadaky labaratoriýalaryň birinden gaçan robot öçürilip biliner
rusya robot.jpg

Adamlar bilen aragatnaşyk saklap bilýän we müşderilere hyzmat bermek üçin ýasalan IR77 robody birnäçe gün ozal Perm şäherinde barlagdan geçirilýän labaratoriýanyň gapysynyň açyk galmagyny pursat bilip gaçdy we zarýadynyň gutarmagy netijesinde takmynan 1 sagat ýoluň ortasynda durdy.

Wakadan soň polisiýa gullugyna ýazmaça beýanat beren robodyň öndürijileri dowamly ýagdaýda gaçýan robody öçürmek isleýändiklerini bellediler.

Kärhananyň ýolbaşçylarynyň biri bolan Oleg Kiwokurtsew: “IR77-iň ýadyna 2 gezek üýtgetme girizdik, emma dowamly ýagdaýda daşaryk çykmagyny dowam etdirýär. Robodyň şol aýratynlygynyň müşderileriň halamazlygyna sebäp bolup biljegi üçin ony demontaž etmegi pikir edýäris” diýdi.

Ençeme adam tarapyndan halanan robota sosial media arkaly IR77 üçin  “Ony öldürmäň” diýip çagyryş berdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #robot , #Perm , #IR77

Degişli Habarlar