Bozoglan: “Ženewadaky gepleşikler simwoliki”

Siriýa Türkmen Mejlisiniň başlygy Emin Bozoglan Ženewada geçirilýän gepleşikleriň simwoliki bolandygyny aýtdy

514581
Bozoglan: “Ženewadaky gepleşikler simwoliki”

Hataý welaýatynda Siriýadaky wakalar barada beýanat beren Emin Bozoglan Ženewadaky gepleşiklerde uly döwletler diýilýän ABŞ-nyň, Russiýanyň we beýleki döwletleriň öz isleýän kararlaryny kabul edendiklerini ýa-da etdirendiklerini nygtady.

Ženewadaky gepleşikleriň uzak möhletden bäri dowam edýändigini ýatladan Bozoglan global güýçleriň esasan hökümetiň bähbidine laýyk kararlary kabul edýändigini we Siriýanyň demirgazygynda etniki dolanşyk döretmek isleýändiklerini, onuň bolsa ynanç gymmatlyklaryna we ýaşaýyş durmuşlaryna bap gelmeýändigini aýtdy.

Etniki dolanşyk barada BMG-niň Adam Hukuklary Toparynyň habarnamasynyň bardygyna ünsi çeken Bozoglan: “Siriýadaky türkmen we arap doganlarymyzyň başga ýerlere mejbury ýagdaýda göçürilýändikleri hemmelere mälim. Biz şeýle hereketlere goşulmaýarys. Biz Siriýada ähli gatlaklaryň, arap, kürt, türkmen ählisiniň bilelikde, demokratik şertlerde ýaşamaklaryny maksat edinýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar