Russiýa goýlan embargolaryň möhledi uzadyldy

Russiýa 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtonomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksiýa edipdi

513131
Russiýa goýlan embargolaryň möhledi uzadyldy

ÝB Krymyň we Siwastopolyň anneksiýasy sebäpli Russiýa goýlan embargolaryň möhlediniň 2017-nji ýylyň 23-nji iýunyna çenli uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.

Karara laýyklykda ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň we firmalarynyň Krymdaky we Siwastopoldaky işleri çäklendirilýär.

ÝB-ne agza ýurtlaryň Krymdan we Siwastopoldan haryt satyn almagyna rugsat berilmeýär.

ÝB-ne agza ýurtlaryň raýatlarynyň we firmalaryň Krymdan we Siwastopoldan emlak satyn almagy gadagan edilýär.

Krymda we Siwastopolda iş alyp barýan firmalara maddy taýdan goldaw berilmegine hem rugsat berilmeýär.

Russiýa 2014-nji ýylyň 18-nji martynda Krym Awtonomiýasyny we Siwastopol şäherini anneksiýa edipdi.

Krymyň anneksiýasy we Ukrainanyň gündogarynda başdan geçirlen wakalar sebäpli ABŞ bilen birlikde beýleki ýurtlar Russiýa ykdysady taýdan embargo goýupdy.

 


Etiketkalar: #embargo , #anneksiýa , #Russiýa

Degişli Habarlar