Fransiýada guralan hüjümde 1 polis bilen aýaly öldürildi

Hüjümi terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy

510320
Fransiýada guralan hüjümde 1 polis bilen aýaly öldürildi

Fransiýanyň paýtagty Parižiň demirgazyk günbatarynda düýn gije başdan geçirlen zamun alynşyk krizisinde 1 polisi we aýalyny öldüren hüjümçi öli ýagdaýda ele salyndy.

Hüjümi terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

Parižiň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Magnanwile etrapçasynda başdan geçirlen wakada işden çykyp öýüne baran polis gullukçysy ýaşaýan binasynyň öňünde pyçaklanyp öldürildi.

Hüjümçi soň bolsa bina girip polis gullukçysynyň aýalyny we çagalaryny zamun aldy.

Zamun alynşyk wakasyndan soň bina dolulygyna  gurşaw astyna alyndy.

Hüjümçiniň boýun egmändigi sebäpli howpsyzlyk güýçleri ýörite operasiýa gurady.

Operasiýada polis gullukçysynyň aýalyny öldüren hüjümçi öli ýagdaýda ele salyndy, çagalar bolsa halas edildi.

Fransiýanyň İçeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Brandet operasiýadan soň beren ýazmaça beýanatynda hüjümi ýazgardy we polis gullukçysynyň aýalynyň hem İçeri işler ministrliginde işleýändigini aýtdy.

 

 



Degişli Habarlar