Damaskda bombaly hüjüm guraldy

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy

Damaskda bombaly hüjüm guraldy

 

Siriýanyň paýtagty Damaskda bombaly hüjüm guraldy.

Seýýide Zeýnep etrapçasynda guralan iki hüjümde 8 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.

Hüjümleriň jogapkärçiligini terror guramasy DAEŞ öz üstüne aldy.

Seýýide Zeýnep etrapçasy şaýylaryň köpçülikleýin ýaşaýan etrapçalaryndan biri hökmünde bilinýär.

Fewral aýyndan başyndan bäri etrapçada 83 adam ýogaldy, 170 adam hem ýaralandy.

 



Degişli Habarlar