“Siriýa gepleşikleri üçin wagt azalýar”

BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun Siriýa parahatçylyk gepeşikleri üçin wagtyň azalýandygyny aýtdy

508273
“Siriýa gepleşikleri üçin wagt azalýar”

Pan Gi Mun BMG-niň merkezinde geçiren metbugat ýygnagynda Siriýa parahatçylyk gepleşiklerinde düýpli ylalaşyk gazanylman halatynda dartgynlygyň hasam möwjäp biljekdigini duýduryp: “Wagt azalýar” diýdi.

Nobatdaky gepleşikler üçin entek wagt kesgitlenmändigine ünsi çeken Pan Gi Mun, onuň üçin gerek bolan şertleriň ýüze çykmandygyny nygtap: “Gepleşik ýöne duşuşykdan ybarat bolmasyn. Emma Halkara Siriýa goldaw topary tarapyndan soňky senäniň awgust aýynyň başy hökmünde kesgitlenmeginiň möhümdigini nygtasym gelýär” diýdi.

BMG-niň baş Sekretary Pan Gi Mun Siriýanyň hökümetine çagyryş edip: “Siriýanyň hökümeti uruşdan ýadan ýurtda ynsanperwer kömegi üçin rugsat bermeli. Oňa rugsat bermezlik harby jenaýatdyr” diýdi.

BMG-niň Siriýanyň boýunça wekili Staffan Mistura bolsa düýn geçiren metbugat ýygnagynda Siriýa gepleşikleriniň üçünji tapgyrynyň başlamagy üçin şertleriň entek ýeterlik däldigini aýdypdy.

Gepleşikleriň gysga möhletde başladylmagyny isleýändiklerini aýdan Mistura, anyk netije almak üçin gepleşiklere mümkin gadar pursat döretmek isleýändiklerini nygtapdy.

Anyk netije diýlende bolsa “anyk syýasy geçiş etabyny” göz öňünde tutýandyklaryny nygtan Mistura, 1-nji awgustyň syýasy geçiş etaby üçin kesgitlenen sene bolmagynda galjakdygyny belläpdi.



Degişli Habarlar