Fransiýa Russiýa goýlan çäklendirmeleri gowşadarmy?

Fransiýanyň Senaty Ukraina meselesi sebäpli Russiýa goýulan embargolaryn gowşadylmagy baradaky karar taslamasyny kabul etdi

507304
Fransiýa Russiýa goýlan çäklendirmeleri gowşadarmy?

Baş Assambleýada geçirilen sese goýulşykda hökümete maslahat häsýetine eýe bolan we kanuny güýji bolmadyk taslama üçin 301 senator ses berdi. Taslama 16 senator garşy ses berdi.

Karara garşy duran senator Herwe Maureý karar tekstini “Ukrainanyň halkyna ýaramaz ýüzlenme boljakdygy” sebäpli “skandal” hökmünde häsýetlendirdi.

Hökümetiň adyndan çykyş eden ÝB ministri Harlem Desir: “Minsk ylalaşygyna sarp goýulsa embargolar bes ediler, biz häzirki wagtda iş meýilnamamyzy üýtgetmeris” diýdi.

Taslama goldaw beren senatorlardan Pozzo di Borgo bolsa sese goýulşykdan ozal beren beýanatynda: “ÝB tarapyndan goýulan embargolar netije bermedi. Embargolar fransuz ykdysadyýetine-de zyýan ýetirdi. Senatyň bu karary oňyn başlangyç” diýdi.

 



Degişli Habarlar