Muhammed Ali wesýetine laýyklykda anna güni jaýlanar

Muhammed Alinyň jynazasy üçin görülýän taýarlyklar dowam edýär

505471
Muhammed Ali wesýetine laýyklykda anna güni jaýlanar

Legendar bokçy Muhammed Alinyň jynazasy üçin görülýän taýarlyklar dowam edýär.

Muhammed Ali wesýetine laýyklykda anna güni jaýlanar.

Muhammed Aliniň tabydy önüp ösen ýeri bolan Kentukynyň Louiswille şäherine alnyp gidildi.

Şäher häkimi meşhur boksçynyň birnäçe ýyl ozal nähili nagdaýda jaýlanjakdygyny meýilleşdirendigini we şol meýilnama laýyklykda Muhammed Aliniň dabaraly ýagdaýda soňky ýoluna ugradyljakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Muhammed Aliniň çagallyk ýyllaryny geçiren öýuni görmäge gelýänleriň sany gün saýyn köpelýär.

Şäheriň ýaşaýjylary çempion boksçynyň adyny göterýän Muhammed Ali medeniýet merkezini güller bilen bezedi.

Muhammed Aliniň jynaza namazyny özi ýaly musulmanlygy kabul eden Amerikaly musulman liderlerden İmam Zaid Şakir okadar.

Jynaza dürli dinlere uýýan din adamlary gatnaşar.

74 ýaşyndaky dünýä çempiony Muhammed Aliniň jynazasyna ABŞ-nyň ozalky Prezidentlerinden Bill Klinton, Prezident R. T. Erdogan, İordan Şasy Abdullah ýaly döwlet adamlary bilen birlikde 18 müň adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 


Etiketkalar: #jynaza namazy , #boksçy

Degişli Habarlar