“EURO 2016-a garşy howp bar we gynansakda ol howp has uzak wagt dowam edip biler”

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland howpsyzlygyň gowşakdygyny boýun aldy

504674
“EURO 2016-a garşy howp bar we gynansakda ol howp has uzak wagt dowam edip biler”

Fransua Olland ýurdunda geçiriljek Ýewropa Futbol çempionatynyň howpsyzlygyna garşy howpyň dowam edýändigini mälim etdi.

Olland Inter radio kanalyna beren beýanatynda: “EURO 2016-a garşy howp bar we gynansakda ol howp has uzak wagt dowam edip biler” diýdi.

EURO 2016-nyň hadysasyz geçmegi üçin howpsyzlygyň üpjün edilmelidigini bellän Fransiýanyň Prezidenti: “Ýewropa Futbol çempionaty adatdan daşary ýagdaýda geçer. Bu çempionatyň ýurdumda geçirilmegine karara geldim. Çempionatyň baýram ýaly we başarnykly ýagdaýda geçmegi üçin ähli güýjümizi we mümkinçiliklerimizi ulanarys” diýdi.
Futbol çempionaty 10-njy iýun – 10-njy iýul aralygynda geçiriler.



Degişli Habarlar