Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynyň maslahaty Parižde geçirilýär

Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynyň ministrler derejesindäki maslahaty Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýär

503614
Ýakyn Gündogar parahatçylyk etabynyň maslahaty Parižde geçirilýär

Maslahata BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen birlikde 28 ýurduň wekili gatnaşýar.

Maslahata Türkiýä Wise-premýer Mehmet Şimşek wekilçilik edýär.

Meseläniň degişli ýurtlary Ysraýyl bilen Palestina bolsa maslahata gatnaşmaýar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda söz sözlän Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland ýurdunyň iki döwletli çözgüt üçin Palestina bilen Ysraýylyň ýaňandandan gepleşik geçirmegini isleýändigini aýtdy.

Oland parahatçylyk etabynyň ýaňadandan başlamagyny maksat edinýändiklerini belledi.



Degişli Habarlar