Hamaneý Britaniýa bilen ABŞ-ny şeýtan hökmünde häsiýetlendirdi

Eýranyň dini lideri Hamaneý Britaniýanyň ýurdunyň esasy duşmanlaryndan biridigini nygtady

503532
Hamaneý Britaniýa bilen ABŞ-ny şeýtan hökmünde häsiýetlendirdi

Britaniýa bilen ABŞ-ny “şeýtan” hökmünde häsiýetlendiren Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, ABŞ bilen Britaniýa ynanmagyň uly ýalňyşlykdygyny aýtdy.

Resmi Tähran bilen geçirlen ýadro gepleşiklerinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda embargolaryň bir böleginiň ortadan aýrylmagy taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary doly ýumşadyp bilmedi.

Eýranyň dini lideri Hamaneý Britaniýanyň ýurdunyň esasy duşmanlaryndan biridigini nygtady.

ABŞ bilen sebitdäki kynçylyklaryň çözülmegi üçin hyzmatdaşlyk etmejekdiklerini aýdan Hamaneý, Britaniýa bilen ABŞ-nyň maksadynyň başgadygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar