Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda dartgynlyk

Jubeýr Eýrany terrora goldaw bermek bilen günäkärledi

500230
Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda dartgynlyk

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al-Jubeýr Eýranyň Yrak başda bolmak bilen sebitiň ýurtlarynyň içerki işlerine gatyşmaly däldigini nygtady.

Jubeýr Eýrany terrora goldaw bermek bilen günäkärledi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri: “Eýranyň näme bolsa bolsun Yrakda güýç ýerleşdirmegi we şaýy söweşijileri iberip bu ýurtda messep maksady bilen tälim bermegi kabul edilip bilnjek zat däl” diýdi.

Eýran hökümetiniň eýranlylaryň şu ýyl haja gitmäge rugsat berilmeýändigi baradaky beýanatyna bolsa Jubeýr ýurdunyň hiç kimi ybadaty ýerine ýetirmegiň öňüni almandygyny habar berdi.

Jubeýr Eýranyň wekiliýetiniň talaplarynyň aglabasyny ýerine ýetirendiklerine garamazdan şertnama gol çekmändiklerine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar