Russiýa Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýär

Putin Türkiýä garşy söweşmegi hiç wagt pikir etmändiklerini nygtady

499231
Russiýa Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýär

Gresiýanyň paýtagty Afinyda saparda bolan Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras bilen duşuşanyndan soň Russiýa-Türkiýe gatnaşyklary barada durup geçdi.

Türkiýäniň howa giňişligine gireninden soň türk uçarlary tarapyndan atylyp ýere gaçyrylan rus harby uçary bilen baglanşykly beýanat beren Putin Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak isleýändiklerini we aragatnaşykdadyklaryny habar berdi.

Russiýanyň Harby howa güýçleriniň ýurtlaryň goşunlary bilen söweşmeýändigini, terror guramalaryny nyşana alýandygyny aýdan Putin Türkiýä garşy söweşmegi hiç wagt pikir etmändiklerini nygtady.

Siriýanyň demirgazygyndaky çaknyşyklar bilen baglanşykly bolsa Putin parahatçylyk etabynyň başlanmalydygyny we syýasy çözgüt üçin näme gerek bolsa etmäge taýardyklaryny belledi.

Putin Krymyň Russiýa tarapyndan basylyp alynmagy bilen bagaglanşykly bolsa bu temanyň ýapylandygyny we hiç bir tarap bilen söwdalaşmajakdyklaryna ünsi çekdi.

Amerikan howa goranyş ulgamynyň Ýewropa ýerleşdirilmeginiň ÝB bilen bolan gatnaşyklara negatiw täsir edýändigini bellän Putin: “Rumyniýada ýerleşdirilen Amerikan howa goranyş ulgamy howpyna jogap bereris” diýdi.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Çipras hem Russiýa bilen ýurdunyň arasyndaky diýalogyň resmi Moskwanyň Ýewropa bilen bolan gatnaşyklaryny täze derejä ýetirjekdigini nygtady.

Ukraina meselesi bilen baglanşykly berilen soraga sebitdäki asudalygyň we parahatçylygyň ähmiýetine ünsi çeken Çipras taraplara Minsk ylalaşygyny berjaý etmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar