Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy hüjümler bilen baglanşykly beýanat berdi

Soňky 2 ýylda hassahanalara we saglyk merkezlerine 594 gezek hüjüm guraldy

498683
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy hüjümler bilen baglanşykly beýanat berdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy soňky 2 ýylda hassahanalara we saglyk merkezlerine 594 gezek hüjüm guralyp, hüjümleriň netijsinde 959 adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Gurama tarapyndan berilen beýanatda hüjümlerde şeýle hem 1 müň 561 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Hasabatda Ýakyn Gündogarda we Afrika ýurtlarynda başda bolmak bilen 19 ýurtda hassahanalaryň we saglygy goraýyş guramalaryň nyşana alynyp hüjüm guralandygyna üns çekilýär.

Hassahana, saglygy goraýyş guramalara we olaryň işgärlerine garşy guralýan hüjümleriň 70 göterimi bilkastlaýyn ýagdaýda guralýandygy ýazylýan hasabatda hüjümleriň 50 göterimden gowragy şol ýurduň hökümeti tarapyndan, 1/3 bölegi ýaragly toparlar tarapyndan guralýandygy bellenýär.

Hasabatda saglygy goraýyş guramalaryň iň köp nyşana alnýan ýeri bolan Siriýada hassahanalara 228 gezek hüjümiň guralandygy habar berilýär.



Degişli Habarlar