ABŞ-Iskandinawýa ýurtlarynyň liderler maslahaty paýtagt Waşintonda geçirildi

Daniýa NATO-nyň Owganystandaky operasiýasyna harby topar ugradar

490558
ABŞ-Iskandinawýa ýurtlarynyň liderler maslahaty paýtagt Waşintonda geçirildi

Liderler maslahatda Russiýa garşy jebislik ýüzlenmesini berdi we Russiýanyň hüjüm ediji syýasatyna garşy Ukraina goldaw berilmelidigini nygtadylar.

Maslahatda Russiýanyň Krymy basyp almagy sebäpli şol ýurda sanksiýa goýulmagy hakyndaky kararlaryň hem mesele Minsk şertnamasynyň çäginde çözülýänçä dowam etjekdigi bellenildi.

Maslahatda şeýle hem daşky gurşaw we klimat çalşygy bilen birlikde terror guramasy DAEŞ-e garşy göreş, Siriýadan Ýewropa gidýän bosgunlar ýaly meseleler hem giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daniýa bilen Norwegiýa NATO berilýän goldawy artdyrjakdyklaryny aýtdy.

Daniýa NATO-nyň Owganystandaky operasiýasyna harby topar ugradar.

Daniýanyň NATO berýän goldawy 2020-njy ýyla çenli ýylda 15 million dollara çykarar.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama maslahata gatnaşýan ýurtlaryň liderleriniň hormatyna Ak Tamda agşam naharyny berdi.

Obama naharda eden çykyşynda diňe öz ýurtlarynyň däl eýsem tutuş dünýäniň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin Demirgazyk Ýewropa ýurtlarynyň edýän tagallasy hakynda öwgüli sözler aýtdy.

Obama bosgunlaryň kabul edilmegi meselesinde hem Iskandinawýa ýurtlarynyň durmuşa geçirýän işlerini takdyr edýändigini belledi.

Russiýanyň sebitdäki oňaýsyz tutumyna garşy Ukraina goldaw berilmegi meselesinde Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryna goldaw berýändigini aýdan Obama “Russiýanyň harby syýasatyny halkara jogapkärçilikleriniň çäginde alyp barmagyny isleýäris” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar