“Türkiýäniň hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris”

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkiýäniň serhedinde howpsyzlygy artdyrjak ähli çärelere ähmiýet berýändiklerini we türk hökümeti bilen hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdiklerini mälim etdi

487684
“Türkiýäniň hökümeti bilen hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Piter Kuk Kilise garşy terror guramasy DAEŞ-iň roketaly hüjümleri we Prezident R.T. Erdoganyň Türkiýäniň ýeke galandygy baradaky sözleri ýatladylyp “DAEŞ-e garşy göreşde Türkiýä şu günki güne çenli beren kömekleriňizden başga orta atanlaryňyz barmy?” diýilen soraga Kuk: “Türkiýäniň özüni howpsyz duýmagy üçin edip bilýänlerimizi ýerine ýetirmek isleýäris. Mesele babatynda türk hökümeti bilen gepleşiklerimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Piter Kuk Türkiýe-Siriýa serhedindäki 98 inedördül kilometrlik meýdanyň terror guramasy DAEŞ-den saplanmagy barada durup geçip, DAEŞ-iň Türkiýä garşy howpyna alada bildirýändiklerini belledi.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Elizabet Trudeau hem terror guramasy DAEŞ-iň hüjümlerine sezewar bolýan Türkiýäni goldamaklaryny dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

Trudeau: “Elmydama aýdyşymyz ýaly güýçli ýagdaýda Türkiýäniň ýanynda durmagymyzy dowam etdireris” diýdi.



Degişli Habarlar